Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilimiň orny uludyr. Çünki ähli ösüşler ylym-bilimiň iň täze gazananlary, döwrebap tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy, ylmyň gazananlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ösüşiň berk binýady hasaplanylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işi kämil derejede ýola goýulýar. Ylymdyr bilimiň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň uzak geljeginiň şöhratly döwrüne ak ýol açýar.
Bilim ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde milli we döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen multimedia tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribäni ulanmak arkaly orta, şeýle hem başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap okuw ulgamy kemala getirilýär. Döwrebap okuw ulgamynyň özeni bolup hem sanly ulgam öňe çykarylýar. Häzirki maglumatlar jemgyýetinde bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine, sanly bilim ulgamynyň doly özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda güýçli depginler bilen dowam edýän bilim özgertmeleri döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň, bagtyň we bagtyýarlygyň girewidir.
Ata Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Bilim ýurduň binýadynyň berk bolmagynyň esasy şertidir, sütünidir. Ylmyň iň täze gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegi döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň iň ilkinji we esasy şertidir. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns gönükdirilmek bilen, ähli pudaklarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy ornaşdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry sanly bilimi we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek bolar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we orta okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.
Diýarymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döredilýän sanly bilim portaly «Elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler» ýaly bölümleri özünde jemleýär. Geljekde ähli amatlyklary, ýeňillikleri, mümkinçilikleri özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň bilim derejesi artar. Bu bolsa, bilimiň bu görnüşiniň oňyn tejribesini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň netijelerini ylmyň ileri tutulýan ugurlary babatynda her ýylda däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň işjeň ýagdaýda geçirilmeginde-de görmek bolýar. Bu, öz gezeginde, türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, olaryň ylmy işleriniň höweslendirilmegine, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, ylmy-barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Biz ýaşlara döwrebap derejede ylym-bilim almaga öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun!
Merjen ALMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
