BIZE YAZYARLAR

Ylym-bilim – dünýä akyl ýetirmegiň açary

Ylym-bilim – dünýä akyl ýetirmegiň açary. Adamzat bilimleri özleşdirip, ylym öwrenip, öz-özüni açýar, şeýdip kämil şahsyýetler kemala gelýär. Bilim almak, ylmy özleşdirmek, bilenleriňi paýlaşmak ajaýyp işdir. Geçmişden bäri ata-babalarymyz bilime teşne, ylma yhlasly halkdygy bilen dünýä bellidir. Türkmen topragynda ýerleşen irki medreseler, mekdepler, meşhur kitaphanalar, ylym-bilim ojaklary munuň şeýledigine güwä geçýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly  “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan-bedewbatly at-myradyň mekany” diýip atlandyrdy. Elbetde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary» diýen sözleri bu aýdyň geljegiň şamçyragydyr. Bu geljek halkyň bagtly geljegidir, bagtyýarlygydyr.
Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýjüdir. Elbetde, munuň özi ylym-bilim ulgamynyň hukuk esasynyň kämilligine we berkligine-de baglydyr. Çünki ulgama degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydyr.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bilim ulgamy durnukly ösüşi başdan geçirýär. Okatmagyň hem-de öwretmegiň dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, täze okuw kitaplarydyr gollanmalary neşir edilýär. Mekdep mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmaklary üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli bölümleri tarapyndan maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanmaga berilýär. Olar dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Döwletimiz tarapyndan bu barada uly aladalar edilip, häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýew Mugallymçylyk mekdebinde, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde pedagogik ukyp-başarnygy ösen, başlangyç synplaryň okuw maksatnamalaryny oňat özleşdiren, döwrebap düşünjeli, sanly bilim tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş hünärmenler – mugallymlardyr terbiýeçiler taýýarlanylýar. Ýaş nesilleriň bilim almaga hukugy bar we döwletimiz umumy bilimiň her bir çaga üçin elýeterliligini üns merkezde saklaýar. Çünki bu günki ýaş nesiller röwşen geljegimiziň eýeleridir.
Bilim ulgamynyň birinji basgançagy hasaplanýan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini döwrebap guramakda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw usulyýet toplumlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny, okatmagyň usulyýetini milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagy talap edýär. Körpeler bilen alnyp barylýan işleri dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek, olara mähirli garamak strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlup, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek,mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” esasynda mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara milli ýörelgelerimiziň, taryhy we edebi şahslarymyzyň mysalynda edep-terbiýe bermek, zehinlerini ýüze çykarmak we ösdürmek, olary mekdebe taýýarlamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Maksatnamanyň çäklerinde inklýuziw bilime, çaganyň irki ösüşine, täze usullaryň bilim işine ornaşdyrylmagyna bagyşlanan çäreler, duşuşyklar, okuw maslahatlary yzygiderli guralýar.
Söz ussady Jelaleddin Rumynyň: «Dana şeýle diýen: «Bir zady biliň, Ol daragtyň ady bilimdir, bilim. Diňe şol daragtyň miwesin dadan, Baky ýaşar, bolar bagtyýar adam» diýen mesnewi setirlerinden hem görnüşi ýaly, bilim – bakylygyň alamatydyr. Ýyldyzlar asmany bezeýän bolsa, bilim adamy bezeýär, dünýäni nurlandyrýar. Biz – mugallymlar geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyna mynasyp jogap edip, bar ukyp-başarnygymyzy bu ugra gönükdireris. Geljegimiziň açary hasaplanýan ýaş nesilleri il-güne, Watana wepaly adamlar, kämil hünärmenler edip ýetişdireris.
Gahryman Arkadagymyzyň:
Sütünleri söýgüden, bir mizemez binadyr,
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr
— diýen setirlerinde beýan edilýän bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan türkmen döwletinde biziň ýollarymyza nur saçýan, ýagty geljegi, ajaýyp durmuşy berkarar edýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.

ANNADURDYÝEWA Mähriban,
Halkara senagatçyalar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
121-nji okuw toparynyň talyby.