Ylym-bilim bagtyýar geljegiň kepilidir
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen
ýurdumyzda örän uly tutumly işleriň başy başlanyp, il-günümiziň bähbidine gönükdirilen ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar. Öňe sürülýän iri maksatnamalar, gurulýan desgalar özüniň döwrebaplygy bilen adamlary haýrana galdyrýar.
S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binasynyň
gurlyşygyna badalga berilmegi Bilim syýasatynda alnyp barylýan işleriň has hem üns merkezindediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň gowulandyrylmagy ylym, okuw-usulyýet, terbiýeçilik we guramaçylyk taýdan ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpgöter täze derejä çykarar.
Hormatly Prezidentimiz Bilim ulgamynda alynyp barylýan işlere ünsi çekip onuň
işlerini has hem ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şu gün türkmen ýaşlary täzeçe pikir ýöretmeklik ukybyna eýe bolup, öz bilimleri, hünärleri, başarnygy bilen dünýäniň ösüşine sazlaşykly goşulmaly. Bu bolsa okuw terbiýeçilik işini täzeçe guramaklygyň ýollaryny we usullaryny talap edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim özgertmesini çalt we netijeli durmuşa
geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap, täze multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň , dürli derjedäki mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň gurulmagy giň gerim bilen dowam edýär. Her bir halkyň bilim-terbiýe we ylym-hünär derejesi şol halkyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ylymdan, hünärden ýüki ýetik, watansöýüji, ruhubelent, lebzi halal, ahlak taýdan arassa, syýasy taýdan düşünjeli bolup ýetişmekleri şol milletiň ýagty geljeginiň altyn basgançaklarydyr.
Jumaýewa Malika
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň
mugallymy