BIZE YAZYARLAR

Ylym-bilim ― kämilligiň binýady

Halkymyzy eşretli durmuşa ýetirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny dünýä ýüzünde arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim hem-de ylym ulgamynda dünýä derejesinde uly ösüşler gazanylýar. Bu ugurda dünýä tejribesi öwrenilip, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleri goldanylyp, ösüp gelýän ýaş nesliň zamanabap bilimli, terbiýeli we ylymly adamlar bolup ýetişmegi üçin dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar döwrebap binalarda bilim we terbiýe alyp, öz ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagtyýar halkymyzyň parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär. Şanly ýylymyzyň nyşany bolan bedew ösüşlere ýetmegiň nusgasy, beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür. Atçylyk sungaty ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini ebedileşdirýän sungatdyr. Ahalteke bedewleri adamyň gadymyýetden bäri dowam edip gelýän gözellik gözleginiň netijesidir. Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler halkymyzyň gymmatlygydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak, bilim we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek, olary halka, Watana söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda geçirilen özgertmeler bilim işgärleri, bütin halkymyz tarapyndan uly goldaw tapdy.
Ýurdumyzda halkyň bagtyýar ýaşaýşy üçin ýola goýulýan beýik işleriň dabaralanmagy esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de ýagty geljege bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Muňa bolsa ata Watanymyzda alnyp barylýan işler aýdyň şaýatlyk edýär.

Şasenem ASTANOWA,
Çärjew etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy.