BIZE YAZYARLAR

Ylym-bilim ― kämil geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak,  dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Watanymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa biz ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.

Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär.

Ylym-bilim hemişe ösüşleriň gözbaşy hasaplanypdyr. Türkmen halky ir döwürlerde hem örän medeniýetli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolupdyr. Täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ösýän zamanasynda-da ylmy ösdürmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda ylymda gazanylýan üstünlikler aýratyn bellärliklidir.

Ylym-bilim-ösüş, döredijiligiň çeşmesidir ýaşlaryň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim ulgamynyň maddy enjamlaryň binýady döwrebaplaşdyrylýar, täze bilim edaralary döredilýär. Ylym ulgamyny özgertmek boýunça alynyp barylýan işleriň toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdymyzda ylmy barlaglaryň ösüşini üpjün etmek üçin zerur ykdysady guramaçylyk we hukuk şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.

Laçyn Beşimowa,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: