Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy
Häzirki ajaýyp döwrümizde ähli ulgamlar bilen birlikde ýurdumyzyň ylym-bilim
ulgamynda hem guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça ýola goýlan işler ýaşlary ylmy üstünliklere ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa ylym ulgamynda ýaşlarymyzyň ylmy mümkinçilikleriniň uly geljeginiň bardygyny aýdyň beýan edýär. Ylym akylyň, paýhasyň ösüşiniň gözbaşy bolmak bilen, jemgyýetçilik ösüşini kämillikderejesine çykarýan ummasyz güýçdür. Şeýle ösüşiň binýady berk, kökleri çuň, geljegi uly bolýar. Pederlerimiz öz döwründe ylym-bilimde baý tejribe toplapdyrlar. Ylymly-bilimli, sowatly adamlary hormatlapdyrlar. Şu jähetden, batly depginler bilen ösýän durmuşymyz jemgyýetiň öňünde-de, her bir adamyň öňünde-de täze talaplary goýýar. Häzirki döwürde «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen pähime eýerýäris. Şu nukdaýnazardan talyplara berilýän bilimiň akgynly ugry ylymdyr. Ylymda gazanylýan üstünlikler bolsa türkmen jemgyýetiniň ylmy akabasynyň berk binýatly bolmagyny kepillendirýär.
Häzirki döwürde ýaşlara bilim bermek, olaryň kämil hünärmenler bolmagyny gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Şunda okuw işleriniň guralyşy, sapak geçmek, sapakda temalary düşündirmek ýaly ugurlara üns berilýär. Munuň özi sapagy guramaçylykly alyp barmak, döwrebap usullardan peýdalanmak bilen berk baglanyşyklydyr. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Olardan umumy okuwlar, aýry-aýry temalarda, meseleler boýunça maslahat görnüşinde sapaklary guramak, ýagdaýlary seljermek esasynda we onuň netijesini referat görnüşinde taýýarlamak, işjeň oýunlar, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak peýdalydyr.
Ylym-bilimiň ösen döwründe sapak geçmegiň döwrebap usullary ulanylyp, sanly
ulgamyň, kompýuter enjamlarynyň, multimedia tagtalarynyň kömeginden peýdalanylýar. Ol geçilýän temanyň talyp tarapyndan oňat we tiz özleşdirilmegine, düşünilmegine ýardam edýär. Bu bolsa talyplaryň gerek maglumatlary tiz öwrenip bilýändigini, gözýetimini giňeldýändigini görkezýär.
Häzirki ösen döwrümizde okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär. Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen ýaş nesliň oňat bilim almagy üpjün edilýär. Döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasy öz netijesini berýär. Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilim işgärleriniň döredijiligini artdyrýar. Bilim ulgamyny täze üstünliklere ýetirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Metreýimowa Raksana
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy