Ylym – adamzat durmuşynda esasy orny eýeleýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerinde ylym we innowasiýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler uly ähmiýete eýedir. Bu beýik işleriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ylmy öňegidişlige, innowasion ilerlemelere we ykdysady netijelilige berýän ägirt uly ünsüniň oňyn netijesidigini aýratyn bellemek zerurdyr. Sebäbi jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ykdysadyýetimiziň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary öndürijilikli pudaklarda gazanylýan sepgitleriň, nazary, amaly bilimleriň we informasion tehnologiýalaryň ähmiýeti gönüden-göni täsir edýär.
Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasion düzümiň işjeň döredilmegine, barha kämilleşýän, ylmy taýdan tutumly tehnologiýalaryň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we olaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurtlara
çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: “Biziň häzirki kuwwatly nanotehnologiýalar, nou-haular, täsin oýlap tapyşlar asyrymyzda hem ylmyň adamzadyň durmuşynda esasy orny eýeleýändigini aýratyn bellemelidiris”.
Biziň ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara — organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, suwlara, çägelere baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň innowasion usullar arkaly fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda alnan täze maddalardan
gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, oba hojalygy üçin zerur bolan ynsan saglygyna zyýansyz dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek, ýurdumyzda ylmyň täze nanotehnologiýa ugruny
kemala getirmek şu günüň ösüşiniň esasy talaplarydyr.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda,
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşuluşmagyna güýçli itergi berýär.
Türkmenistanyň halkara ykdysady işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri BMG-niň Ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň we netijeli gatnaşmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, hususan-da, wodorod energiýasy boýunça wajyp meseleleriň çözülmegi, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlar babatda halkara hyzmatdaşlyk has hem giňeldilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň ähli 17 maksadyny gazanmak boýunça borçlary öz üstüne alýan Türkmenistanda 2016-njy ýyldan başlap Durnukly ösüş maksatlarynyň
wezipelerini we görkezijilerini millileşdirmek, ählumumy maksatlary Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrmak we olary ýurduň döwlet syýasatyna goşmak işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurduň 2030-njy ýyla çenli ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan ösüşiniň wajyp ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistan anyk kesgitlenen ugurlar boýunça strategiki wezipelerden we maksatnamalaýyn resminamalardan ugur alýar we daşary ýurtlar, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalary we institutlary bilen hemmetaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny dowam etmäge ygrarly we bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeler boýunça tagallalary güýçlendirýär. Işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmakda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky Topary, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Aziýa Ösüş Banky, Yslam Ösüş Banky we beýleki maliýe-ykdysady
düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasatyny dowam edýär.
Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä
bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
XXI asyrda innowasion ösüşi üpjün etmekde oýlap tapyşlara, täze tehnologiýalara, nou-hau maglumatlaryna esasy orun degişlidir. Sebäbi döwletimiz kämil tehnologiýaly döwrebap harytlary öndürmekde dünýä bazaryna ynamly gadamlar bilen goşulýar. Şol bir wagtda ykdysady taýdan bähbitli we elýeterli, häzirki zaman durmuş amatlyklaryny döredýän tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlarynda yzygiderli ornaşdyrylýar. Dünýäniň bazar ykdysadyýetiniň şeýle işjeň gatnaşyklarynda Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegi, biziň milli aňyýetimizde täze düşünjeleriň, aňlatmalaryň, sözleriň ornaşmagyna hem esas berýär. Innowasion ösüşiň esasyny düzýän önümçilik tehnologiýasy bilen bagly
bagtyýar ýaşlarymyz tarapyndan öwrenilmegi wajyp düşünjeleriň “nou-hau” maglumatlar ulgamydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze edara-kärhanalar gurulýar, bar bolanlary bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.
Şunda düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirleriň we çözgütleriň, nou-hau maglumatlaryň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi, önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Jamilýa MAMEDOWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy