Hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada kabul eden Permanlarydyr, Kararlary asly halal halkymyzyň kämil jemgyýet bolup, ýaşamagy, işlemegi, döretmegi, gurmagy ugrunda öňde goýlan belent wezipeleriniň rowaç alýandygyny äşgär edýär. Şundan görnüşi ýaly, nesil terbiýesinde halkymyzyň halal, tämiz edim-gylymlaryna pugta eýermegimiz, diňe şonda ýurdumyzyň ösüşleriň hem özgertmeleriň mekany boljakdygy öz-özünden düşnükli bolýar. Ruhy tämiz, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, halallygy hemişe özüne ýaran edinen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet Baştutanymyzyň ýurtda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, ylym-bilim özgertmeleriniň özenini düzýär.
Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmakda we sanly ulgama geçmekde möhüm işler ýerine ýetirilýär. Her okuwçynyň öňünde kompýuteriň bolmagy bilen, mugallymlar öz sapaklaryny innowasion usullarda guramaklyga mümkinçilik gazandylar. Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň komýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýe bolup, geljekki Watan eýeleriniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler açýar.
Adamzat geçen uzak taryhy ýolunda özüni akylly-başly ynsan hökmünde duýup, kämilleşmegi üçin nämeler gazanan bolsa, ilkinji nobatda ylma minnetdardyr. Ylym — ynsan paýhasynyň miwesi. Her bir döwlet ylymly, sowatly kämil hünärmenlere bil baglaýar. Olaryň jogapkärli kärlerinde öz işine bütin durky bilen berlip, çekýän halal, päk zähmeti halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýurduň syýasy-ykdysady binýadyny berkidip, ynsan durmuşyny baýlaşdyrýar, ýokary derejä çykarýar.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin arman-ýadaman zähmet çekýän, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Gülsenem POLATOWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

