JEMGYÝET

Ylmy-tehniki maslahat tokaýlary goramaga bagyşlandy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda geçirilen ylmy-tehniki maslahat goraghananyň çäklerinde tokaý serişdelerine aýawly çemeleşmegiň we emeli ýol bilen döredilýän tokaýlary ygtybarly goramagyň usullaryna bagyşlandy, diýip «Türkmen gündogary» gazet habar berýär.

Ylmy-tehniki maslahatda nahallaryň ösdürilip ýetişdirilmegi we tokaýlaryň dikeldilmegi boýunça işleriň ylmy esaslary beýan edildi. Maslahatda goraghananyň Gabakly, Görelde meýdançalarynda ýerleşýän tokaýlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşýandygyna üns çekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: