BILIM

Ylmy döredijilik maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilelikde guramagynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly ylmy döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edebiýatçylar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, institutyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  
Maslahatda Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, agzybirlige, belent ahlaklylyga ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda şahyryň döredijiliginden zenan edebi we mertebesi, gelin-gyzlarymyzyň görüm-göreldesi baradaky şygyrlar okaldy.  
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň nusgawy edebiýatymyz, sözüň gymmaty baradaky çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.