Ylham çeşmämize öwrülen eser
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny serpaý ýapdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu ajaýyp eser biziň ruhy ganatymyza, ylham çeşmämize öwrüldi. Hut şu kitapdan täsirlenip, ýaşlaryň ylym-bilime, sportuň we sungatyň dürli ugurlaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy biziň gündelik işimize-de täzeçe öwüşgin çaýdy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanyna şan goşup, her birimiziň kalbymyzy egsilmez joşguna besledi.
Müňýyllyklaryň durmuş hakykatyny özünde jemleýän bu kitap akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Onda türkmen halkynyň şöhratly taryhy barada getirilýän maglumatlar, deliller, rowaýatlar öz inçeligi, anyklygy, gadymylygy, şonuň bilen birlikde-de gaýta-gaýta okaýandygyňa garamazdan, solmaýan terligi bilen okyjynyň ünsüni özüne çekýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Alymlar bu topragyň her daban ýeriniň taryhdygyny, gymmatly tapyndylara baýdygyny biragyzdan tassyklaýarlar. Hut şu toprakdan tapylan bugdaý däneleri Türkmenistany ak bugdaýyň Watany hökmünde dünýä tanatdy. Gadymy ynanç-ygtykatlara görä, bugdaý önýän toprak keramat hasaplanylýar. Kitapda bu barada getirilýän taryhy maglumatlardan bugdaý ösdürip ýetişdiren we desterhanlaryň doly bolmagyny üpjün eden merdana halkymyzyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşandygyna akyl ýetirýärsiň.
Biz türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýeti hakda söz açýan bu gymmatly eseriň geljekki müňýyllyklarda hem söýlüp okaljakdygyna berk ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Akjagül JUMAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy