Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, aragatnaşyk ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Wise-premýer dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan sanly özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň döwrüň talabydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldady we wise-premýere sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ykdysadyýetiň pudaklaryna innowasion sanly çözgütler ornaşdyrylýar
21
Feb

