BIZE YAZYARLAR

Ykdysadyýet düşünjesi we Kanunçylygy

“Ykdysadyýet” sözi gelip çykyşy (etimilogiýasy) boýunça türkmen dilinde ymykly aralaşan arap-pars sözleriniň hataryna girýär. Ykdysadyýet düşünjesi giň manyly bolup, ol önümçiligi, önümçilik bilen baglanşykly dürli gatnaşyklary, hojalygynyň ýörediliş usullaryny, onuň kanunlaryny aňladýar. Ykdysadyýet durmuş diýen manyny aňladyp ol jemgyýetiň ýaşaýyş derejesini ölçeýän ylymdyr. Ykdysadyýetde aýratynlyklaryň ýa-da meňzeşligiň döwürler boýunça ýüze çykmagy adaty ýagdaýdyr. Umumy adamzadyň eşretli durmuşyny, adalatly jemgyýeti gurmakda dünýä döwletleriniň her haýsynda ykdysadyýet özboluşly orun tutýar. Her bir ýurt
kesgitlän maksadyna laýyk özüne mahsus ýoly saýlap alýar. Garaşsyz Türkmenistanda ykdysadyýet döwlet gurluşygynyň möhüm düzüm bölegidir. Döwlet garaşsyzlygy, ykdysady taýdan özbaşdaklyk, bütin dünýäde hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi Türkmenistanyň ähli taraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň ýol açdy.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmegi, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmegi, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagy, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagy, diýarymyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisiniň baş wezipesi ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýşynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirlendir.
2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Konstitusiýamyzyň rejelenen gornüşinde 7-nji bölüm Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamyna bagyşlanandyr. Ol öz içine 134-139-njy maddalary jemleýär.Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Döwletiň salgytlary, ýygymlary we gaýry hökmany tölegleri, olary tölemek borjunyň esaslary, salgyt töleýjiniň hukuk goragynyň ulgamy kanun tarapyndan bellenýär. Türkmenistanyň maliýe-karz ulgamy býudjet ulgamyny, bank ulgamyny, maliýe edaralaryny, şeýle hem kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we Türkmenistanyň raýatlarynyň maliýe serişdelerini öz içine alýar.Türkmenistanda ýeke-täk býudjet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanyň býudjet ulgamy Türkmenistanyň Döwlet býudjetiniň düzüm bölekleri bolan ähli derejedäki býudjetleriň jeminden
ybaratdyr. Türkmenistanyň býudjet ulgamynyň düzülişiniň we işlemeginiň umumy ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda býudjet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslary kanun bilen kesgitlenýär. Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we guýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň milli pul birligi manatdyr. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt pulunyň dolanyşygy kanun bilen düzgünleşdirilýär.

 JEBAROWA AÝNUR

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: