Dünýä ýurtlarynyň arasynda özara baglylygyň güýçlenýän häzirki şertlerinde ulag-logistika ulgamyna uly ähmiýet berilmegi, olaryň ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri bilen baglanyşyklydyr. Ulagyň yklymlary, sebitleri birleşdiriji wezipesi täze ulag ugurlarynyň ösdürilmegini şertlendirýän sebäpleriň biridir.
Döwletleriň özara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary depginlerde ösmegi, önümi ýerlemek üçin täze bazarlary gözlemek zerurlygy ýola goýlan gatnaw ugurlary bilen bir hatarda geljegi uly bolan, ykdysady taýdan netijeli ulag geçelgeleriniň gurulmagyny talap edýär. Çünki logistika işiniň maksady, gerekli hildäki harydy gerekli möçberde, zerur wagtynda, gerekli ýerine iň az harajat bilen eltip bermekde jemlenýär.
Bitarap Türkmenistan ähli döwletleri we yklymlary birleşdirýän häzirkizaman üpjünçilik ulgamy bolan howa menzillerini, awtoulag we demir ýollary, gaz we elektrik geçirijilerini, halkara deňiz portuny, has dogrusy, netijeli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek bilen, halkara derejedäki ornuny has-da pugtalandyryp, Demirgazygyň we Günortanyň, Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda «altyn derwezä» öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanyşa girizilmegi, şeýle-de täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine goýberilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Dünýä ülňülerine gabat gelýän şeýle uly taslamalaryň gurluşygynyň hut öz ýerli telekeçilerimiz tarapyndan alnyp barlandygyny-da aýratyn bellemek gerek. Türkmen gurluşykçylarynyň elleri bilen çekilen döunyň nähili derejede belentdigini görkezip, islendik beýik maksada öz güýjümize daýanyp ýetip biljekdigimizi alamatlandyrýar.
Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň dwrebap ýol, gurlup, ýüzüşe goýberilen gämi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we halkymyzyň döredijilik ruhöwrebap görnüşde dikeldilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň netijesinde Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunda pudak üçin kämil hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň we dünýä ylmynyň täze gazananlarynyň özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirýär.
Bäşim ATAMYRADOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

