Ýiti respirator kesellerinden goranalyň!
Sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrýan, saglygy goraýyş ulgamyny
ösdürmek ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda bu ulgamyň kämil derejelere ýetmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýär.
Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça örän uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň gurşawynda ýokanç kesellere garşy sanjymlar yzygiderli geçirilýär. Şol bir wagtda ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç sowuklama keselini bejermek we onuň öňini almak işleri döwrebap usullar bilen alnyp barylýar.
Howanyň sowamagy bilen ýiti respirator keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy
has-da artýar. Kesel ýokuşanda, kelleagyry, endamyň agyrmagy, bedeniň
gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak,
bokurdagyň galmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu keseli döredýän wiruslaryň zäherleri bedeniň ýaşaýyş üçin wajyp agzalaryna zeper ýetirýär. Agyr görnüşinde dem alyş we ýüregiň, böwrekleriň kadaly işleýşine zeper ýetirýär. Aýratyn hem, ýiti respirator keseli çagalar we gartaşan adamlar üçin howplydyr. Şol sebäpden, esasan-da çagalary ýiti ýokançdan goramak zerurdyr. Ýiti sowuklamam keselinden goranmak üçin çaganyň bolýan otagynda howasyny çalşyp durmak, ýeljiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasynyň çalyşmaýan otaglarynda, adamlaryň üýşýän ýerlerinde we howanyň geçip bilmeýän ýerlerinde ýiti respirator keseliniň wiruslary toplanýar we keseliň ýaýramagy üçin amatly şertler döreýär. Açyk howada wiruslar juda durnuksyz bolýandygy sebäbli, jaýlaryň howasyny tämiz saklap, olaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Lukmansyz derman serişdelerini aýratyn hem antibakterial dermanlary ulanmak nädogrudyr. Özümiziň we watanyň kuwwatly geljegi bolan mähriban körpeleriň saglygyna paýhasly çemeleşiň, we sagdyn gelejegi guralyň!
Haljan ROZYÝEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny
goraýyş merkeziniň kabul ediş bölüminiň müdiri.