BIZE YAZYARLAR

Ýiti respirator kesellerinden goranalyň!

Gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti respiraator ýokanç keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy has-da artýar. Şol sebäpden häzirki döwürde bu keselden goranmak, olara garşy göreşmek zerurlygy ýüze çykýar.
Kesel ýokuşanda, kelleagyry, endamyň agyrmagy, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň galmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu keseli döredýän wiruslaryň zäherleri bedeniň ýaşaýyş üçin wajyp agzalaryna zeper ýetirýär. Agyr görnüşinde dem alyş we ýüregiň, böwrekleriň kadaly işleýşine zeper ýetirýär. Aýratyn hem, ýiti sowuklama keseli çagalar we gartaşan adamlar üçin howplydyr.
Ýiti respirator keselinden goranmak üçin öý we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp durmak, ýeljiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasynyň çalyşmaýan otaglarynda, adamlaryň üýşýän we açyk howanyň geçip bilmeýän ýerlerinde dem alyş ýollarynyň sowuklama keseliniň wiruslary toplanýar we keseliň ýaýramagy üçin amatly şertler döreýär. Açyk howada wiruslar juda durnuksyz bolýandygy sebäbli, jaýlaryň howasyny tämiz saklap, olaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. uzak wagtlap sowuk ýerde bolanda, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli, adamyň bedeni ýiti sowuklma keseliniň wiruslaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar şemalladylanda şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş geçirip durmaly. Eger-de size kesel ýokuşan bolsa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanyň. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmitiňize goşuň. Wiruslaryň zäherliniň bedenden çalt çykarylmagy üçin derlediji ýokumly sowuklary içmeli. Olaryň düzümine witaminler, esasan hem witamin С baý narpyzly, ary bally we limonly çaý, towuk çorbasy, sarymsakly unaş girýär. Näsagyň bolýan otagyny şemalladyp durmaly. Näsagyň gap-çanaklary aýratyn bolmaly we olaryň gaýnag suw bilen çaýkalmagyny üpjün etmeli. Lukmansyz derman serişdelerini aýratyn hem antibakterial dermanlary ulanmak nädogrudyr. Olar wiruslara täsir etmeýär we bedeniň adaty mikflorasyny ýok edip, saglygyňyza zyýan ýetirmegi mümkin.
Durmuşymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ýiti respirator keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdyr. Sagdynlyk ýörelgeleriniň dogry-düzgün berjaý edilmegi adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyna we sagdyn jemgyýeti gurmaga ýardam edýär.
Hormatly adamlar, öz saglygyňyza paýhasly çemeleşiň we ony goralyň! Çünki
saglygymyz iň uly baýlygymyzdyr.

Pirimkul NAZAROW,
Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.