BIZE YAZYARLAR

Ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz ekologiýamyzyň arassa bolmagy bilen bagly uly işler durmuşa geçirýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, howa şertlerine laýyk awtobus duralgalarynyň gurulmagy, suw çüwdürimleri asmana göterilýän seýil baglarydyr köçeler, ýaşaýyş we edara binalarynyň ýanaşyk ýerleri yssy tomsy saglygymyza zyýan ýetirmän ýeňip geçmegimiz üçin edilýän işlerdir.

Şu günler howanyň çakdanaşa gyzýandygy, ýagny Gün şöhlesiniň has ýiti düşýändigi sebäpli adam bedenine uly zyýan ýetip biler. Şol sebäpden saglygymyza aýratyn üns bermelidiris. Haçan-da Gün şöhlesiniň adam bedenine köp düşen ýagdaýynda «Gün urma» diýlen  keseliň döremek howpuna sebäp bolup bilýär. Munuň üçin ähli raýatlar, esasan-da, körpeler Günüň ýiti şöhlesinden goralmalydyr.

«Gün urma» diýip nämä aýdylýar? Gün urma — bu adamyň kellesine ýiti Gün şöhlesiniň täsiri sebäpli bolup geçýän kesel.

Infragyzyl Gün şöhleleri bu babatda kelläniň beýnisine, soň bolsa adamyň bütin bedenine täsir edýär we beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna eltýär.

Dürli beden agzalaryň gyzgynlygy gan damarlaryň giňelmegine getirýär, gan aýlanyşygy peseldýär, beýniň neýronlarynyň kislorod bilen iýmitlenmegine päsgel berýär.

Şeýlelikde, ösüp barýan bu patologik ýagdaý dokumalaryň gysylmagyna getirip, kislorodyň ýetmezçiligine sebäp bolýar.

Gün urmanyň alamatlary: adamyň ýüzi we boýny gyzarýar, kellagyry, ýürek bulanma, ýygy- ýygydan dem alma, gaýtarmak, umumy gowşaklyk, görşüň peselmegi, damar çekme we huşuňy ýitirmek. Şeýle-de endamyň temperaturasy ýokarlanýar, howsalaly ýagdaý ýüze çykýar.

Gün uranda haýal etmän «Tiz kömek» gullugyna jaň etmeli. Hassany salkyn ýere geçirip ýatyrmaly . Sowuk suwa öllenen süpürgiç bilen ejir çekeniň endamyny süpürmeli. Gysýan egin-eşigini çykarmaly, köýneginiň iliklerini ýazdyrmaly, kemerini gowşatmaly. Köp mukdarda mylaýym, arassa agyz suwuny, gök çaý, mineral suwuny içirmeli. Maňlaýyna öl mata, ýeňsesine, goltugynyň, budunyň aşagyna buz goýmaly. Dem alşy kynlaşsa, ýürek urgusy çaltlansa, emeli dem bermeli we ýüregiň göni däl owkalamasyny etmeli.

Ilatymyzyň saglygy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Oguljemal Babaýewa,

welaýat  onkologiýa hassahanasynyň şöhle bilen bejeriş bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: