2026-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gullugyň bellenen möhletlerini geçen gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylar. Degişli Permana laýyklykda, bu möwsümde harby borjuny berjaý eden ýigitleriň öýlerine dolanmagy üçin ähli şertler dörediler.
Şonuň bilen birlikde, aprel — iýun aýlarynyň dowamynda 18 ýaşy dolan we harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da möhleti yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar nobatdaky harby gulluga çagrylar. Şeýle hem, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan raýatlar hem Watan öňündäki mukaddes borjuny berjaý etmäge çekiler.
Ýigitleriň dykgatyna: harby gullukdan boşatmak we çagyrmak möwsümine badalga berilýär
17
Mar

