BIZE YAZYARLAR

“Yhlas bilen bir kämile gol beren”

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:
“Yhlas bilen bir kämile gol beren,
Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz” – diýen ajaýyp setirler bar. Mugallymyň baş maksady akylly, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Men okuwçylara kämilligiň menzillerini dürli meňzetmeler we deňeşdirmeler arkaly düşündirmäge çalyşýaryn.
Buz suwdan emele gelýär, emma ol suwdan has sowukdyr. Daragt, agaç dim-dikösýär, şeýle dik,  şeýle göni bolansoň, ol dikligine asylgy duran ýüpe çalym edýär. Emma agajy kesip, eplesek, arabanyň tigrini ýasasak, ol tegelek görnüşe geler, gün ýaly tegelek tigir bolar. Onsoň ine şu tigri hernäçe guratsak hem, kakatsaň hem ol hiç wagt ilki başdaky göni görnüşini almaz, sebäbi biz şol agajy epledik-de, ony şuhili etdik, ondan tigir ýasadyk. Şundan görnüşi ýaly, eger şol agajy agaç  ussasynyň ýüpjagazy bilen gös-göni hem bolup biljek eken, demir ýa-da beýleki metallar hem
şeýle – eger ony igelesek, ýiteltsek, ol hökman almaz ýaly ýiti, kesgir bolup bilýär.
Kämil, kişi hem edil şu pisint bolýar, ol örän kän zat bilýär, kän zada akyly çatýar, öz edýän işlerini, öz bolşuny akyl eleginden geçirýär.
Ine, şol kämillige ýetmek üçin köp okamaly we öwrenmeli.
Şoňa görä-de, belent dagyň üstüne çykmasaň, asman gümmeziniň belentligine düşünip bolmaýar! Daglaryň aşak äňedeňde, başyňy aýlaýan çuň jülgesine seredip görmedik adam ýeriň, topragyň nähili galyň gatynyň bardygyna düşünmez. Geçen ata-babalarymyzyň, dana gerçeklerimiziň paýhaslaryny eşitmesek, alymlaryň beýikligine düşünmeris.
Çaga hemme ýerde – çaga. Ýöne aýlar geçip, ýyllar geçip, olar uly adam bolýarlar welin, bu çagalaryň hersiniň öz endigi ýüze çykýar, biri-biriniňkä meňzemeýän ýa-da gaty az meňzeýän endikleri ýüze çykýar. Men okuwçylarda kämil kişilerden, ajaýyp adamlardan görelde almak, çeper eserleri köp okamak endiklerini terbiýelemäge çalyşýaryn.
Uzynly gün agyr oýa batyp oturanyňdan, az salymlyjak okamak kän peýdalydyr. Näçe boýnuňy süýndürip, alyslara seretseňem, belent depä çykyp, töweregiňe äňeden ýaly däldir. Belentlikden ähli zat gowy görünýär, ýanyňda ýalydyr. Depä çykyp, birini el bulaýlap çagyraňda, eliň uzaýan däldir, ýöne seniň eliň uzaklardan görünýändir.
Kämil adamlar hem şu jahana jägildäp inýär, olaryň hem beýlekilerden tapawudy ýok. Danalaryň, ýüňi ýeten är kişileriň bu görünýän adamlardan tapawutlanýan ýeri – olar nämä arka diremelidigini bilýärler, nämä ýapyşmalydygyny ýagşy bilýärler…
Danalar, özüne göwni ýetýän kämil adamlar gowy ýerde ýaşap, gowy ýerde bolmagy halaýarlar, dostluk açanlarynda-da ylymly-bilimli, düşünjeli adamlar bilen dostluk açýarlar. Kämilleriň ýörelgesini nesillerimiziň görelde mekdebine öwürmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr.

Nargül HOJAKOWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.