TÜRKMENISTAN HABARLARY

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen trening geçirýär

7-nji sentýabrda pandemiýa döwründe we saglygy goraýyş bilen bagly bolan adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara hereket etmekleri boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahatyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Gyrgyzystandan we Ysraýyldan bolan halkara bilermenler döwlet edaralarynyň KHBS wekilleri bilen işjeň özara gatnaşyklarynyň guralmagy boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Okuwa gatnaşýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň media-gulluklarynyň wekilleri Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň hem-de KHBS ulgamynda işleýän guramalaryň ilaty öz wagtynda we hemmetaraplaýyn habarly etmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: