YKDYSADYÝET

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň wekiliýeti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary i’ler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar.

ÝTÖB-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem degişli goldawlary bermäge taýýarlygyny tassyklamak bilen, bu ugurda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisi boýunça özara hereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: