Ýewropada gazyň bahasy täze rekordlary goýýar
30-njy sentýabrda geçirilen söwdada Ýewropada gazyň bir kub metriniň bahasy 1134 amerikan dollaryna ýetip, taryhyň dowamyndaky iň ýokary bahany täzeledi, diýip «Секрет фирмы» internet žurnaly ýazýar.
Düýn Niderlandlardaky TTF gaz saklanylýan ýerde baha 8% galandygyna ICE biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
30-njy sentýabrda ertir gaz üçin noýabr fýuçersleri (bahasynyň derejesi we eltip bermeli möhleti baradaky şertnama) $1100 belgiden hem ýokary galdyryldy, şondan soň onuň bahasy ýene-de galyp başlady.
Bahalar indi üç gün bäri yzygider rekord goýýarlar. 28 sentýabrda gazyň bahasy birinji gezek 1000 dollara ýetdi. Sentýabryň ortasynda ol 900 dollardan geçipdi.