Ikinji jahan urşyndan soň dünýä ýüzüniň dürli sebitlerinde 30-a golaý
halkara (integrasion) toparlar emele geldin we häzirki wagtda-da işjeň ýagdaýda hereket edýär. Döwletara ykdysady goşulyşmanyň taryhy we has ösen görnüşi bolup “Ýewropa Bileleşigi” ýa-da ÝB hereket edýär. Ol 1957-nji ýylda döredilip onuň düzümine ilki 6 sany Günbatar Ýewropa döwleleri – Belgiýa, Gollandiýa, Italiýa, Lýuksenburg, Fransiýa we Germaniýa girdi. 1973-nji ýylda Angliýa, daniýa, Irlandiýa goşuldy. 1981-nji ýylda Gresiýa, 1986-njy ýylda Ispaniýa we Portugaliýa goşuldylar.
2004-nji ýylda bu guramynyň düzümine ýene-de 10 sany döwlet goşulyp 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna Bolgariýa we Rumyniýa hem saýlandy. Netijede bu bileleşigiň agzalarynyň sany 27-ä ýetdi. Onuň düzümine girýän döwletlerde 500 mln. adam ýaşaýar, tutýan ýeriniň meýdany bolsa 4 mln. inedördil km-e barabardyr.
ÝB-nyň esasy wezipesi oňa gatnaşýan döwletleriň umumy bazaryny
döretmekdi. Şonuň üçin hem Ýewropa Bileleşigi “Umumy bazar” ady bilen hem dünýä belli. Bileleşige girýän döwletler özleriniň bitewi konstitusiýasyny hem kabul etdiler.
Ýewropa Bileleşigine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda milli walýutanyň erkin çalşylmagy ýola goýuldy we “ýewro” walýuta ulgamy döredildi. Kollektiwleýin walýuta birligi Ýewropa ykdysady bileleşiginde 1978-nji ýyldan bäri herek et edip başlady. Ol walýuta ilkinji gezek “EKÝU” ady bilen hereket edip başlady. Ýöne häzirki wagtda ol “Ýewro” çalşyldy we 2002-nji ýyldan Ýewropa Bileleşiginiň durmuşynda täze döwür başlandy. Ykdysady goşulyşmanyň has ösen döwri başlandy. Täze döredilen bir bitewi umumy walýuta bolan “Ýewro” pul birligine
2002-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda agza döwletleriň 12-si geçdi. Az wagt geçmänka “Ýewro” amerikan dollary bilen bir hatarda dünýä walýuta birligine öwrüldi.
Geldiýewa Dürdäne
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby