Ýewro dizaýnyny üýtgeder
Ýewropanyň Merkezi Banky Ýewropa Bileleşiginiň raýatlaryny 31-nji awgusta çenli täze ýewro banknotlary üçin dizaýn saýlamaga çagyrýar.
ÝMB-nyň prezidenti Kristin Lagardyň sözlerine görä, ýewropalylaryň umumy walýutasy we sebitiň özboluşlylygynyň arasynda berk baglanyşyk bar, täze banknot bolsa muny öz görnüşinde görkezmelidir.
Lagard ýewropalylaryň ýewro banknotlarynyň dizaýny bilen tanyşmagyny isleýär. Şonda raýatlaryň özleri täze dizaýny saýlamakda işjeň roly eýeläp biler.
Umuman alanyňda, gysga sanawda nagt pul dizaýny üçin derýalardan, guşlardan başlap, medeniýetiň we gymmatlyklaryň nyşanlaryna çenli ýedi sany ähtimally şekil bar. Olaryň galp görnüşini ýasamagyň has kyn boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem banknotlary ekologik taýdan aňsatlaşdyrmak wada berildi. Häzirki ýewro banknotlarynda ýönekeý derwezeler we köprüler şekillendirilendir, olarda özüne mahsus milli nyşanlary we dykkatyňy çekýän bellikleri ýokdur.
ÝMB awgust aýynyň ahyryna çenli Ýewropa Bileleşiginiň ilatynyň arasynda ýörite sorag geçirer. Dizaýndaky üýtgeşmeleri we täze banknotlaryň öndüriliş möhleti barada gutarnykly kararyň 2026-njy ýylda kabul edilmegine garaşylýar.