BIZE YAZYARLAR

Ýetilen sepgitlere tarap gadam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň 33 ýyllyk Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan tarapyndan özara bähbitli we deňhukukly esasda milli we halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi ykdysadyýeti depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly üns berildi. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini üpjün edýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň üýtgäp durýan şertlerine baglylygyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugry bolan gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy we metal işlemek, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginlerde ösdürilýär. Senagat önümleriniň möçberi ýylsaýyn artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherinde azot dökünlerini öndürýän karbamid zawody, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde aýna kombinaty we tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri önümçilik desgalary işe girizildi. Olar ýokary goşulan gymmaty bolan innowasion önümleri öndürmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. Gaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini dowam etdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gazyň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär. 33 ýylyň dowamynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi birnäçe esse köpeldi. Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda-da uly möçberli işler amala aşyryldy. Elektrik energiýasyny köp talap edýän senagat pudaklaryny we ilaty üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport artdyrmak maksady bilen, döwlet elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Netijede, ilatyň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, raýatlaryň durmuş goraglylygy güýçlenýär. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň ýokary depginde ösmegi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň we satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanýandygyny, islegleriniň barha artýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, geljekde ýurdumyz has ýokary derejelere ýeter.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bizlere şeýle döwletli-döwrany peşgeş beren Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Narmamedowa Şirin