SPORT WE SYÝAHAT

Ýetginjekleriň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça welaýat çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde ýetginjekleriň arasynda uzak aralyga ylgamak boýunça welaýatyň çempionaty guralyp, oňa şäheriň hem-de Dänew, Farap, Saýat etraplarynyň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça oglanlaryň arasynda 10 kilometr aralyga ylgamakda türkmenabatly Wladimir Nowikow ýeňiji boldy. Şeýle-de dänewli Daniýar Atabaýew 8 kilometr, faraply Muhammet Durdymyradow 3 kilometr we dänewli Sumbar Kylyjow 1 kilometr aralyga ylgamak boýunça geçirilen bäsleşiklerde birinji orunlary eýelediler.
Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda Farap etrabynyň türgenleri ýokary netijeleri görkezip, Salina Bahtiýarowa 8 kilometr, Albina Daşdemirowa 6 kilometr we Aziza Atahanowa 2 kilometr aralyga ylgamakda pellehana ilkinji bolup gelmegi başardylar. 1 kilometr aralyga ylgamakda bolsa türkmenabatly Aýlara Rozyýewa ýaryşyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu çempionat ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga we welaýatda ýeňil atletikany ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy.