DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýerde-suwda ýaşaýan jandarlar

Salamandralar ýerde-suwda ýaşaýan jandarlaryň uly görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Göwresiniň uzynlygy 20-30 santimetre (käbir görnüşleri 1,5 metre çenli) ýetýän bu jandarlara Merkezi we Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň daglyk we suwly ýerlerinde, gür tokaýlyklarynda duş gelmek mümkin.

 Olar suwda uzyn guýruklarynyň kömegi bilen ýüzýärler, gury ýerde bolsa gowşak ösen 2 jübüt aýaklary bilen ýöreýärler.

 Salamandralar gijesine awa çykýarlar we uzyn diliniň kömegi bilen mör-möjekler, gurçuklar, gurbagalar tomzaklar bilen iýmitlenýärler. Bu täsin jandarlar 20- 30 ýyl töweregi ýaşaýarlar.