DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýerdäki ummanlaryň sany bäşe ýetdi

«National Geographic»-niň kartograflary ummanyň Bütindünýä güni kartografiýa çygrynda täze syýasaty yglan etdiler, diýip «mail.ru» ýazýar.
Olar Günorta ummanyny bäşinji umman diýip ykrar etdiler. Indi ol «National Geographic»-niň resmi kartasynda Atlantiki, Ýuwaş, Hindi we Demirgazyk Buzly ummanlar bilen bir hatarda belleniler.
Ylmy jemagatda Günorta ummany baradaky jedel öňden bäri dowam edýär. Käbir alymlar ony Ýuwaş, Atlantiki we Hindi ummanlarynyň dowamy diýip hasaplaýarlar. Beýlekiler ony umman diýip ykrar etmek üçin gerekli aýratynlyklarynyň birnäçesini belleýärler. «National Geographic»-niň hünärmenleri hem şolara goşuldylar.
Hünärmenleriň suratlandyrmasyna görä, Günorta umman Antarktidanyň kenaryny ýuwýan we yklymyň kenar çyzygyndan günorta giňişliginde 600-a çenli ýaýran suwy hasap edýärler. Dreýkiň aýlagyny we Şotlandiýanyň deňzini kadadan çykma diýip hasapladylar we olary Atlantiki ummanynyň günorta bölegine degişli etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: