YKDYSADYÝET

Ýeralma öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar

Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýeralmanyň  105,5 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu önümi öndürmekde 1,9 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

 Şeýle üstünlik ýeralma ekmek üçin ýeterlik möçberde ekerançylyk meýdanlarynyň bölünip berilmegi, daýhanlaryň tohum, mineral dökünler we ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin zerur himiki serişdeler bilen kadaly üpjün edilmegi netijesinde gazanylýar. Ilat üçin bu zerur azyk önümini öndürmekde Çärjew (30,8 müň tonna), Halaç (27,3 müň tonna), Dänew (12,22 müň tonna) ekerançylary has tapawutlanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: