Häzirki günlerde Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy kölünde gyşlamaga gelen dürli görnüşli guşlaryň müňlerçesini öwrenmek boýunça ylmy gözegçilik işleri alnyp barylýar. Goraghananyň işgärleriniň maglumatlaryna görä, bu ýerde guşlaryň 200-den gowrak görnüşi hasaba alnyp, olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen çöl serçesi, bürgüt, ýylançy gyrgy ýaly seýrek görnüşler hem duş gelýär. Şeýle-de çäkli goraghana degişli akar suwly köllerde balyklaryň 11 görnüşiniň ýaşaýandygy anyklanyldy.
Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy ýurdumyzyň aýratyn goralýan tebigy giňişlikleriniň biri bolup, ol 1977-nji ýylda döredildi. Şeýle-de onuň döredilmeginden soň 1979-njy ýylda Repetek döwlet goraghanasyna biosfera derejesi berildi. Umumy meýdany 30 müň gektardan ybarat bolan çäkli goraghana Çärjew etrabynyň öri meýdanlarynda, Repetek goraghanasyndan 90 kilometr günbatarda ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde biodürlüligi gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek boýunça netijeli işler dowam edýär.
Ýerajy kölünde guşlaryň 200-den gowrak görnüşi öwrenilýär
19
Feb
