BIZE YAZYARLAR

Ýeňişli ýaryş.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýylly mynasybetli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen, hem-de akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny ussatlyk bilen millilik äheňde we keşpde wasp etmek boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýatynyň birleşigi tarapyndan, Türkmenabat şäherindäki ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly çeper okaýyşly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige biziň tehniki orta hünär okuw mekdebimizden, bäsleşigiň talabyna laýyklykda bir oglan we bir gyz gatnaşyp Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny buýsanç bilen ýeri ýetirdiler. Bu bolsa talyp ýaşlarymyza şowluk getirdi, bäsleşigiň jemleri boýunça Eýeberenow Gadam 2-nji orna we gymmat bahaly sowgada mynasyp bolup, Rahmedowa Näzik höweslendiriji orun berilip sowgat bilen sylaglandy. Bu geçirilen bäsleşik gaty çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçirildi. Bu bolsa talyp ýaşlaryň zehinini başarnygyny hem-de akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny okamaga bolan höwesiniň nä derejede beýikliginiň subutnamasy boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň  Türkmenabat tehniki orta hünär  okuw mekdebiniň mugallymy

Ýagmyrowa Jahan Atajanowna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: