Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebinde  mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä şäheriň   8, 11, 13, 14, 18, 32, 30, 39-njy mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Ýaryşda gyzlar topary 60 metre ylgamak bilen uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metre ylgamak, 4×100 metr aralygyna estafeta we uzynlygyna bökmek boýunça güýç synanyşdylar. Bäsleşigiň netijesinde umumy hasap boýunça 39-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 11-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 18-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan degişli diplomlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: