SPORT WE SYÝAHAT

Ýeňil atletika boýunça Türkmenabadyň birinjiligi geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň ylgaw ýodalarynda 2011 – 2014-nji ýyllar aralygynda doglan ýetginjekleriň arasynda ýeňil atletika boýunça Türkmenabat şäherindäki 11-nji sport mekdebinde tälim alýan türgenleriň 80-e golaýy gatnaşdy.
Şu gün 60 we 500 metr aralyga ylgamak boýunça görnuşleri boýunça iň ukyply türgenler saýlanyp alyndy. Ertir – 13-nji aprelde bolsa uzyygyna bökmek boýunça ýaryş geçiriler. Türgenler iki ýaş toparynda güýç synanyşýar. Bu toparlaryň birinjisini 2011 – 2012-nji ýyllarda, ikinjisini bolsa 2013 – 2014-nji ýyllarda doglan türgenler emele getirdi.
Şäher birinjiliginde baýrakly orunlara eýe bolup bilen türgenler 3-4-nji maý günlerinde geçiriljek welaýat birinjiligine gatnaşar. Welaýat birinjiliginde öz ukybyny görkezip bilen ýeňil atletikaçylar bolsa 15-16-njy maý günlerinde geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde gündogar sebite wekilçilik eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: