Türkmenabat şäherinde ýeňil atletika boýunça Lebap welaýatynyň gyşky çempionaty üstünlikli geçirildi. Bu ýaryş sebitiň dürli künjeklerinden gelen türgenleri bir ýere jemläp, olaryň tizligi, çydamlylygy hem-de güýç-kuwwaty boýunça bäsleşmeklerine giň mümkinçilik döretdi.
Ýaryşyň dowamynda 60 metr aralyga ylgamakda erkekleriň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Atabek Myradow, gyzlaryň arasynda bolsa Saýat etrabynyň wekili Bägül Paltaýewa birinji orna mynasyp boldular.
400 metr aralyga geçirilen ýaryşda soňky metrlerde türkmenabatly Timur Merdanow 1/100 sekuntlyk artykmaçlyk bilen Perman Döwletgeldiýewi yzda galdyryp, ýeňiş gazandy. Gyzlaryň arasynda bu aralykda Nisa Gafurowa (Türkmenabat) garşydaşlaryndan üstün çykdy.
60 metr aralykda päsgelçilikli ylgamakda erkekleriň arasynda türkmenabatly Aleksandr Belomesnyý, gyzlaryň arasynda bolsa Saýat etrabynyň wekili Gülşat Arslanowa ýeňiji boldular. 800 metr aralyga geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda Dänew etrabyndan Allanur Umitjanow öňe saýlanan bolsa, gyzlaryň arasynda bolsa Albina Daşdemirowa taý tapylmady.
Şeýle hem 3 müň metr aralyga ylgamakda Farap etrabynyň wekili Muhammet Durdymuradow birinji orny eýeledi. Gyzlaryň arasynda Dänew etrabyndan Tawus Gapurjanowa ähli garşydaşlaryny yzda galdyrdy.
Uzynlygyna bökmek boýunça erkekleriň arasynda çärjewli türgen Muhammetali Gapurow ýeňiji boldy. Gyzlaryň arasynda ýeňiji bolan Saýat etrabynyň wekili Lalagül Seýtiýewa şol bir wagtda ýadro zyňmakda-da iň gowy netijäni görkezdi. Ýadro zyňmak boýunça erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Eziz Öräýewe taý tapylmady.
Welaýatyň çempionatynda ýeňiji bolan türgenler fewral aýynda paýtagtda geçiriljek milli çempionata gatnaşarlar.
