SPORT WE SYÝAHAT

Ýeňil atletika boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi

Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda 60, 400, 800, 1500 metr aralyklara ylgamak, ýadro iteklemek, uzaklygyna hem-de beýikligine bökmek boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Oňa türgenleriň 150-den gowragy gatnaşdy.

Alişer Sadullaýew 60 metr aralygy, Abdyrahman Nurgeldiýew 400 metr aralygy, Atajan Bagyýew 800 metr aralygy, Perhat Annagylyjow 1500 metr aralygy birnji bolup gçmegi başardylar. Zenanlaryň arasynda bu aralyklary degişlilikde Walentina Meredowa, Alýona Hudaýbergenowa, Salina Bagtyýarowa we Sabina Kasymjanowa hemmelerden öň geçdiler. Ýadro iteklemekde oglanlaryň arasynda Gurbannazar Karajaýew, zenanlaryň arasynda Irina Welihanowa hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar. Uzynlygyna bökmekde oglanlaryň arasynda Bagrat Gasanbekow, zenanlaryň arasynda Aziza Baltaýewa öňdeligi eýelemegi başardylar. Beýikligine bökmekde oglanlaryň arasynda Annaçary Atajumaýew, gyzlaryň arasynda Wioletta Kazaçanskaýa tapawutlandylar.

Ýeňijiler Hormat hatlarydyr sowgatlar bilen sylaglanyldy.