TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýene-de üç ýurtdan türkmen raýatlary getiriler

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gazagystandaky 100 raýatymyz “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýurdumyza gelerler. Olar şol ýerdäki meýdan gospitalynda 2 hepdelik karantin çäresine tabyn bolarlar. Bu barada Turkmenportal habar
Mundan başga-da, Türkmenistanyň 16 raýaty we Owganystanyň 2 raýaty “Özbegistan” awiakompaniýasynyň Bişkek-Daşkent uçary bilen Daşkende gelerler. Şol ýerdenem 2-nji noýabrda tükrmen-özbek serhedindäki “Olot-Farap” gözegçilik-geçiriş nokadyna gelip, ýurdumyzyň çägine geçerler. Bu raýatlarymyz hem Lebap welaýatynda 14 gün karantinde bolarlar.
Bulardan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda Gruziýadaky 50 türkmen raýaty Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana gelerler. Raýatlarymyzyň bu topary awtobus bilen Azerbaýjana gelip, şol ýerdenem Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy paromy bilen ýurdumyza gelerler.
Gruziýadan geljek raýatlarymyz hem Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen karantin merkezinde 14 gün galarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply