- ESASY HABARLAR

Ýene bir döredijilik bäsleşigi

 

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Milli bahar baýramy mynasybetli guralýan bäsleşik bu gezek Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde geçirilýär.

Oňa türkmen tebigatynyň gözelligini, Milli Bahar baýramynyň milli ruhuny, onuň bilen baglanyşykly däp-dessurlary açyp görkezýän, il arasynda uly abraýdan peýdalanýan zenanlary çeper wasp edýän hekaýalar, makalalar we goşgular kabul ediler. Onuň jemi Milli bahar baýramynyň öň ýanynda jemlener we ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

Mundan birnäçe gün ozal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde hem döredijilik bäsleşigi yglan edilipdi. Bu barada biz şu ýylyň 5-nji fewralynda ýazypdyk. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar.