YKDYSADYÝET

«Ýelken» nyşanly gyş aýakgaplary öndürilip başlandy

Şu ýyl kerkili hususyýetçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy hem «Ýelken» haryt nyşanly deri aýakgaplary erkek kişilere niýetlenilen aýakgaplaryň sany 2,5 müňden hem geçdi. Gyşyň gelmegi bilen öndürilýän ýarym ädikleriň jübüti 100-den agýar. Galyň şypbyklaryň sany bolsa 330-dan hem geçýär.

2020-nji ýylyň aprel aýynda işe girişen kärhanada günde ortaça 50 jübüt aýakgap öndürilýär. Kärhanada erkek kişilere, zenanlara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryň 220-den gowrak görnüşi tikilýär. Olaryň tas ählisiniň diýen ýaly dizaýnyny kärhananyň ýolbaşçysy Arslan Möwlamowyň özi edýär. Bu ýerde sargyt boýunça uly ölçegli aýakgaplary hem öndürýärler.

Kärhanada çig mal bilen üpjünçilik «Ak suw deri» hojalyk jemgyýetinden satyn alynýan derileriň we maryly telekeçi Dörtguly Haýdarow tarapyndan getirilýän beýleki zerur önümleriň ― petekleriň, aýakgabyň aşaky böleginiň, ýelimleriň, ýüplükleriň, astarlaryň… hasabyna çözülýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: