SPORT WE SYÝAHAT

Ýekşenbe güni nobatdaky at çapyşyklary geçirildi

Lebap welaýat atçylyk-sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry gyzykly bäsleşiklere beslendi. Ýaryşlaryň dowamynda 4 we uly ýaşar bedewler 1200 metr aralykda özara güýç synanyşdylar. Çapyşyklaryň netijesinde, welaýat athanasynyň Gammar atly aty, Mustafa Töräýewiň hojalygyna degişli Senem atly gysrak, Toýly Allakowyň hojalygyndan Bereketli we Rozymyrat Egemberdiýewiň hojalygyna degişli Uçar atly dor at bellenilen aralyklarda birinji bolup pellehana gelmegi başardylar.
Görüş jadylaýjy we ýiti bäsleşik astynda geçen jemleýji bäşinji çapyşykda bolsa Çärjew etrap häkimliginiň Armangala atly dor aty 1 minut 25,8 sekunt wagt görkezip, ýeňiş gazandy. Baýramçylyk ýagdaýynda geçen at çapyşyklaryň ahyrynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olary ýaryşa taýýarlan seýislere we çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.