JEMGYÝET

Ýedi aýda 30 tonna et we et önümleri öndürildi

«Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda et we et önümleriniň 30 tonnadan gowragy öndürildi.
Şu günlerde ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 18 görnüşi ýetirilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçeler (sosiska) ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Paýdarlar jemgyýetinde önümleriň elýeterli bahalardan satylmagy önümçiligiň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýan önümleriň hili alyjylaryň göwünlerine ýaraýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply