DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýedi aýakly pişik Internetde meşhur boldy

Haýwanat dünýäsindäki täsinlikleriň yzy üzülerli däl. Olaryň Internet älemindäki meşhurlygy hem gitdigiçe artmak bilen. Ynha, ýakynda ýedi aýakly pişik hem täsinlik hökmünde Internetiň ýyldyzyna öwrüldi.
Bu aýratynlyga ylmy dilde «Polidaktiliýa» diýilýär. Aýaklarynyň kän bolmagy pişigiň ömrüne zyýan ýetirmeýär. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilikde artykmaç beden agzalary bolan jandarlaryň ýaşamagy oňlanylmaýar.
Internet äleminde meşhur bolan pişikler ozal hem bardy. Mysal üçin, gaşlaryny daraýan Sem atly meşhur pişige Internet sahypalarynda siziň hem gabat geläýen bolmagyňyz ahmal. Dört gulakly Ýoda atly pişigiň hem meşhurlygy Semiňkiden az däl. Olaryň hataryna indi ýedi aýakly pişik hem goşular.
Aslynda, adaty bolmadyk pişikler GDA ýurtlarynda-da duş gelýär. Mysal üçin, Woronežde alty gulakly Luntýa, Minskde bolsa ýarym gyzyl we gara reňkli Ýana atly pişikler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply