ÝÇL: pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Fransiýanyň PSŽ topary “Brest” bilen duşuşar. “Milanyň” garşydaşy “Feýenoord” bolup, başga bir duşuşykda-da “Ýuwentus” bilen PSW 1/8 finala çykmak üçin güýç synanyşar. Ýagny 2 duşuşykda italýan we niderland toparlary duşuşarlar.
Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:
“Brest” – PSŽ, “Mançester Siti” – “Real Madrid”, “Monako” – “Benfika”, “Seltik” – “Bawariýa”, “Klub Brýugge” – “Atalanta”, “Ýuwentus” – PSW, “Sporting” – “Borussiýa Dortmund”, “Feýenord” – “Milan”.
1-nji duşuşyklar 9-16-njy orunlarda tamamlanlaryň meýdançasynda geçiriler. Duşuşyklar 11-12-nji fewralda hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.
Pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan 8 topar 1/8 finala çykar. Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda oňat netije görkezen 8 topar – “Liwerpul”, “Barselona”, “Arsenal”, “Inter”, “Atletiko”, “Baýer”, “Lill” we “Aston Willa” gönüden-göni 1/8 finala çykmagy başarypdy.