DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ÝÇL-niň iki ýarym finalçysy belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onda
Fransiýanyň “PSŽ” topary myhmançylykda Angliýanyň “Aston Willa” topary bilen duşuşan
bolsa, Ispaniýanyň “Barselona” topary hem myhmançylykda Germaniýanyň “Borussiýa
Dortmund” topary bilen duşuşdy.
Fransuz topary myhmançylykda 3:2 hasabynda utuldy. Ýöne birinji duşuşykda 3:1 hasabynda
utandygy üçin ýarym finala çykdy. “PSŽ” toparynyň düzüminde 11-nji minutda Aşraf Hakimi
we 28-nji minutda Nunu Mendeş tapawutlandy. Iňlis toparynyň gollaryny 34-nji minutda
Ýuri Tilemans, 55-nji minutda Jon Makginn hem-de 57-nji minutda Ezri Konsa geçirdi.
Beýleki duşuşykda hem “Barselona” topary myhmançylykda german toparyna 3:1
hasabynda utuldy. Ýöne ispan ägirdi birinji duşuşykda 4:0 hasabynda utandygy üçin ýarym
finala çykmagy başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: