DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ÝÇL-de ýarym final jübütleri belli boldy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň duşuşyklary tamamlandy. Şonuň
netijesinde, ýarym finala Ispaniýanyň “Barselona”, Fransiýanyň “PSŽ”, Angliýanyň “Arsenal”
we Italiýanyň “Inter” toparlary çykdy.
“Arsenal” topary Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” iki duşuşykda hem ýeňip, 2009-njy
ýyldan soňra ýarym finala çykdy. “Real” bolsa, soňky gezek 2020-nji ýylda Çempionlar
ligasynda wagtyndan öň utulyp, ýaryşdan çykypdy.
Şeýlelikde, ýarym finalda “Arsenal” bilen “PSŽ”, “Barselona” bilen “Inter” toparlary duşuşar.
Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 29-njy we 30-njy aprelde, jogap duşuşyklary 6-njy we 7-nji
maýda geçiriler. Çempionlar ligasynyň final duşuşygy bolsa, 31-nji maýda Mýunhende
guralar.