ÝB ― Merkezi Aziýa duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Özbegistanda saparda bolup, 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa birinji sammitine gatnaşarlar. Bu barada Ýewropa Geňşeiniň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Sammit Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sammit Ýewropa Bileleşigi üçin ikitaraplaýyn gatnaşygy güýçlendirmek hem-de Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm mümkinçilik döreder.
Sammitiň dowamynda ulag aragatnaşygy, möhüm çig mal, ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we energiýa geçişi ýaly özara gyzyklanýan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler maslahatlaşylar.