21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Meşhur ýazyjy 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä inip, front gahrymany Tagan Öweziň ogludy. Moskwada Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlandan soň, 1966–1994-nji ýyllar aralygynda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň Sekretariatynda maslahatçy bolup işledi hem-de edebiýat ýoluna talyplyk ýyllarynda gadam basdy.
Atajan Tagan umumy tiražy 700 müňe golaý bolan ýigrimä golaý kitabyň awtory bolup, onuň «Gowşut han», «Keseki» romanlary, «Lal perişde», «Ýalňyzlyk», «Jennetiň derwezesiniň açary» ýaly powestleri giň okyjylar köpçüligine tanyşdyr. Ol Jek Londonyň «Martin Iden», Alber Kamýunyň «Nätanyş», Frensis Skott Fitsjeraldyň «Beýik Getsbi», Somerset Moemiň «Aý we şaýy» ýaly dünýä edebiýatynyň nusgawy eserlerini türkmen diline terjime edip, çeper filmlere esas bolan eserleri bilen hem uly yz galdyrdy. Ömrüniň soňky ýyllarynda 40 ýylyň dowamynda üstünde işlän «40 ýylda ýazylan kitap» atly ýatlamalar kitabyny tamamlap, milli edebiýatymyza baý miras galdyrdy.
Ýazyjy Atajan Tagan aradan çykdy
23
Dec
