Ýazky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň muzeýe gezelençleri
Şu günler mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsümini täsirli, ýatda galyjy, gyzykly pursatlaryň bolmaklaryny gazanmak hem-de pederlerimiziň ynsanperwer ýörelgelerine, şöhratly taryhymyza söýgi döretmek maksady bilen, welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän mekdepleriň mekdep okuwçylaryna Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýinde “Watan başymyzyň täjidir” atly şygar bilen gezelençler gurnalyp, häzirki wagtda netijeli dowam edýär.
Ýazky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň muzeýde merdana pederlerimiziň görkezen gahrymançylygyna bagyşlanan maglumatlar, fotosuratlar we uruş döwrüne degişli ýerleşdirilen eksponatlar, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň ýeňşe goşan saldamly goşandyny şöhlelendirýän bölümler bilen tanyş bolmaklary, olaryň ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen taryhy sahypalaryna ser salmaga we olar dogrusynda düşünjelerini has-da artdyrmaga itergi berýär.
Aýratyn hem, muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atasy, mugallym esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hormatyna döredilen burçda zähmet hem söweş ýollary bilen baglanyşykly berilen manyly gürrüňler mekdep okuwçylarynda täsirli duýgulary döretdi. Şeýle, gezelençleriň dowamynda ylmy işgärleriň berýän taryhy ähmiýetli gürrüňleri mekdep okuwçylarynyň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň her biri watançylyk ruhuny galkyndyrmaga, ýaşlary watansöýüji, ilhalar, mynasyp Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerine itergi berýär.
Gözel EMINOWA, Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.