BIZE YAZYARLAR

Ýazgyt

***
Bilbil Medeniýet institutyny üstünlik bilen gutaryp, öýüne dolanyp geldi. Perhat bu täzeligi buşlap, howlusynda Bilbil üçin ýörite uly toý tutup berdi. Ýerli-ýerden gelen myhmanlar ýazylan saçagy doldurdylar. Mähelle Bilbili gutlap, oňa hoş sözleri aýdyp tost göterdiler, ortany bezäp tans etdiler, şady-horram edip toýy gyzykly geçirdiler. Birnäçe günden soň, Bilbil obada ýerleşen Medeniýet öýüne işe gatnap başlady. Işe başlanyndan bäri, Bilbili sorap dürli ýerden sawçylar gelerdi. Emma, gelen sawçylary göwni ýetmedik Bilbil olara öz garşylygyny görkezerdi. Sebäbi Bilbiliň söýýän oglany bardy. Onuň adyna Seýran diýerdiler. Ol Bilbil bilen Medeniýet institutynda bile okady. Olar biri-birleri bilen iki ýyldan gowrak söýüşýärdiler. Gadymdan gelýän: “Pis pisi tapar, suwam pesi” diýlişi ýaly, Seýranyň hem häsiýeti edil Bilbiliň häsiýetine meňzäp durdy. Ýagny, görip, içigara, gaharjaň, gyz göreninde özüne erk edip bilmeýän, bahyl ýigitdi. Emma, Bilbiliň güýçli söýgüsi onuň gözlerini kör, gulagyny bolsa ker edipdi. Seýranyň häsiýetiniň erbetligine seretmezden, onuň maşgalasy atly-abraýly, sylag-hormata mynasyp bolan hojalykdy. Bular söýşen güninden başlap, biri-birleri bilen ähtipeýman edipdiler. Aradan birnäçe wagt geçeninden soň, Seýran Bilbiliň öýüne sawçylaryny ugratdy. Az wagtdan soň, Perhat, Ýolbars dagy özara maslahatlaşyp, toýa razylyk berdiler. Seýranyň ata-enesi mähelle üçin uly toý tutup berdi. Toý şeýle bir şagallaňly, şowhunly, joşgunly, dabara bilen geçdi welin, garaz armansyz toýlaryň biri boldy. Iki ýaş juwan şeýle bir bagtlydylar, olaryň gözünden yşkyň nury saçylýardy. Gynansakda, bu bagtly demler uzaga çekmedi. Bilbiliň ýaňy söýgüden bolan kör gözi, ker gulagy açyldy. Çünki, bir ýyla galar-galmaz Seýran başga aýal bilen ýöräp başlady. Muny bilen Bilbil günde öýde goh-galmagal turzup, jenjel göterýärdi. Seýran bolsa öz aýalyndan göwni sowap, öýüne gelmegini hem seýrekleşdiripdi. Günden-güne Seýran Bilbili ýigrenip başlady, sebäbi onuň gezýän aýaly Jemile Seýranyň öz aýalyndan göwnüni galdyrmak maksady bilen, doga etdirip, onuň gözlerini jadylap goýupdy. Seýranyň gözleri diňe Jemiläni görerdi. Bilbil birnäçe gezek öz gyzlyk öýüne hem bardy. Ýöne, Perhat maşgalanyň mukaddesdigini, başga aýal bilen ýörese hem ýene öz gazygyna dolanyp barjakdyny aýdyp, yzyna eltip gaýdypdy. Bilbil özüniň bagtsyzdygyny, ýöne Gülseräniň bagtly ýaşaýandygyny görüp bilmeýärdi. Bilbiliň pikiriçe, ol diňe özi uly bagta eýe çykmak, bagtly durmuşda ýaşamak, beýleki adamlar bolsa özünden pes bolmak, diňe dawa-jenjel edip, kyn durmuşda ýaşamakdy. Eger biri özünden gowy ýaşasa şony görüp bilmän, ýüregi ataş kimin ýanýardy, gözlerinden alaw uçguny çykyp giderdi, şoňa bolan ýigrenç dörärdi. Egerde, işdeşleriniňem biri öz maşgalasyny magtap, taryp etse, gaýdyp şol işdeşiniň ýanyna ýakynlaşmazdy, beýleki işdeşlerine ony ýamanlap, gywadyny ederdi. Durmuşda iň erbet zat göripçilik. Halk arasynda: ”Göribiň bagy gögermez” diýlen nakyl hem bar. Biziň ata-babalarymyz bu nakyly ýöne ýere aýtmandyrlar. Göripçilik- adamyň maşgalasynda-da, işinde-de, durmuşynda-da, jemgyýetiň içinde-de hiç bir eden işi, abraýy, mertebesi bolmaz, hat-da abraýyny saklap gazanylan hormat-sylagy, şan-şöhraty hem çym-pytrak bolar. Gynansakda, durmuşda şeýle adamlara duşmak bolýar. Käbir adamlarda görüpçilik, içigara, bahyl häsiýetleri ýok etmek asla bolmaýar. Olar doglup, bu pany dünýä geleninden, onuň ganyna bu erbet häsiýetler guýulýar. Bu häsiýetleri hiç kim, hiç wagt, hiç haçan ýok edip bilmeýär. Ony ýok ediji diňe ýeketäk Alla hem-de gabyrdyr.
Indi-indiler Gülseräniň bagtly, asuda durmuşda ýaşaýanyny görüp bilmedik Bilbil onuň maşgalasyny tozdurmak maksady bilen, günde-günaşa öz gyzlyk öýüne gelip, bahana gözläp, Gülseräni Perhada ýamanlap, uruş turzup, soň öýüne bakan giderdi. Öz kakasynyň, ejesiniň gany akyp duranam bolsa, Bilbil Perhadyň maşgalasyny bozmagy hiç zatça bilmeýärdi. Ahyrsoňunda, çydap bilmedik Gülsere hiç zady içine sygdyryp bilmän, hasrat bilen Perhada garap şeýle diýdi:
– Perhat, Özüň hemme zada şaýat. Men şu wagta çenli çydap geldim. Indi, çydamaga ýüregim döz gelenok. Bilbil günde-günaşa öýe gelip, biziň bagtly durmuşymyzy bozup gidýär. Özüniň maşgalasy bir ýagdaý bolup ýatyr. Bu ýere gelip, biziň maşgalamyzyň dynçlygyny bozmagy näme gerek? Öz doganynyň maşgalasyny görüp bilmeýän ynsan hem bolar eken…
Perhat Bilbiliň ýaramaz häsiýetlerini bilerdi. Ýöne ony hiç wagt Gülserä aýdyp, içini dökmeýärdi. Kimdir biri Bilbil barada bir zat diýse depesi gaýnap, dessine gahary gelerdi. Çünki, Bilbil Sapargülden galan ýadygär. Hem ejesiniň, hem gyz doganynyň ýerini tutup durdy. Ol gaşlaryny çytyp, Gülserä garap:
– Şu öýde doglup, önüp-ösen bolsa gelerdä. Ýa gelmesinmi? Onuň bizden başga kimi bar? Ol bir zat diýýän bolsa , diýmek, şonky dogry. Bilip aýtýandyr. Seniň näme hakyň bar onuň maşgalasyny ýüzüme salar ýaly! Sen şu öýe gelin bolup geleniňden bäri mundanam agyr, kyn durmuşda ýaşadyň. Indi-indiler iki çaganyň ejesi bolanyňdan soň, parahat durmuşda ýaşap başladyň. Ol entek ýaňy toý eden. Onuňam durmuşy gowy bolar nesip bolsa. Bu gepiňi bir aýtdyň ikilenç eşitmäýin.
Gülseräniň gazaby atlansa-da, özüni köşeşdirmäni başardy. Ol Perhada garap:
– Bolýa, bagyşla ezizim.
Bu gepi Ýolbars eşiden bolara çemeli, Bilbil derrew bolan zatlardan habar tapdy.
Ertesi gün Perhat hemişekisi ýaly daň säherden turup işe gitdi. Ýolbars agada gapdalda ýaşaýan goňşularyna gidipdi. Gülsere bolsa irden turanyndan ähli işlerini edip, Merdanjyk bilen Sapargüli ýatyrmak üçin öýe giripdi. Ol uly zalyň ortasynda oturyp, Merdanjygy aýagynda, Sapargüli bolsa eline alyp hüwdi aýdyp ýatyrýardy. Birden bat bilen gapy açyldy. Içerik okdurylyp Bilbil girip geldi. Zalyň orta arasynda eli, aýagy bäbekli oturan Gülserä tarap uly ädim bilen ýöräp ýanyna bardy. Bäbekleriň ýatandygyna seretmezden, Bilbil Gülseräniň saçyndan çekip, onuň oturan ýerinde bäbekler bilen bile südräp başlady. Gülsere agyrsyna çydap bilmän gygyryşyna Bilbili köşeşdirmek maksady bilen:
– Bilbil, goýber. Bu näme etdigiň boldy. Çagalary bir ýere goýaýyn, näme meseläň bar bolsa soň düşünişip gepleşeris. Köşeş. Şeýtan ýolundan gaýt.
Bilbil Gülseräniň hiç bir aýdan sözünem diňlemän saçyny dartyşyna:
– Sen meni Perhadyň ýanynda garalap, maksadyňa ýetdiňmi? Saňa kim ýol berdi meniň maşgalam barada geplemäge. Indi, gystanma seni masgaralap, iliň içinde başyňy göterip bilmez ýaly ederin! Çyk daşa!
Merdanjyk bilen Sapargül sesden gorkuşlaryna şeýle bir aglaýardylar welin, olaryň ýüzleri çym-gyzyl boldy. Gülsere oturan ýerinden Merdanjygy we elindäki Sapargüli ýere goýup, ýerinden galdam şoldy welin, Bilbil dyrnaklary bilen Gülseräniň ýüzüni dyrmalady. Gülseräniň ýüzi gana bulandy we Bilbil onuň ýene saçyndan tutup, daşary südräp çykardy. Çaga sesi tutuş howlyny gabap aldy. Bilbil Gülseräni daşary çykarandan soň, ony ýenjip, depip ähli ýerine şikes ýetirdi. Gülseräniň: ”Goý, Bilbil, köşeş” diýen sözüni hem diňlemän, Bilbil ony köçä südräp çykardy. Ol köçäniň orta arasynda Gülseräni urşuna:
– Ýerçeken, heleý meniň maşgalam barada söz açan adamyň güni şol bolar. Men islän wagtym öz öýüme gelýän, islän wagtym gidýän. Sen şul öýden gidersiň. Indi, saňa bu ojakda hiç wagt orun ýok.
Bilbil köçäniň orta arasynda bat bilen gygyryşyna ähli goňşy-golamlar çykyp olara tomaşa edip durdylar. Merdanjyk hem Sapargüli öýde goýup gaýdyşyna, köçäniň orta arasynda Bilbiliň ejesine edýän zulumyny görüp aglap ýatyrdy. Bu goh-galmagaly eşiden Ýolbars aga-da goňşularyndan çykyp jenjel çykan tarapa seredenem şoldy welin, bu ýagdaýy görüp ör-gökden geldi. Ol ylgap baryp Bilbiliň ýüzüne şarpyk çaldy we oňa garap:
– Bu ýerde näme bolýar? Gülseräni näme üçin bu ýagdaýa saldyň? Näme meseläň bar bolsa öýde çözlüşip bolanokmy? Köçäniň orta arasynda jenjel turzup, maşgalamyzyň abraýyny puç edýänligiňi bilýärmiň. Seni şu derejä ýetersiň diýip pikir etmeýädim. Gir öýe!
Bilbil gözüniň ýaşyny süpürişine, öýe girip gitdi. Ýolbars aga ýerde guma batyp ýatan Gülseräni ýerinden turuzdy we oňa seredip:
– Gelin, size hiç zat bolmadymy? Ähli ýeriňiz abatmy? Baryň, sizem öýe giriň. Meseläni öýde çözeris diýip, köçede aglap oturan Merdanjygy göterip, öýüne girip gitdi.
Ýolbars aga Gülserä Merdanjygy we uly zalda aglap oturan Sapargüli alyp, öz otagyna girmelidigini aýtdy. Gülsere perzentlerini alyp öz otagyna girip gitdi.
Ýolbars aga zalyň sag burçunda stoluň üstündäki käsede duran suwdan owurtlady-da, Bilbile gahar bilen garap, şeýle diýdi:
– Näme bolýandygyny maňa düşündirip berersiň!
Bilbil aşak garap oturşyna:
– Kaka, siziň beren habaryňyzdan soň men özüme erk edip bilmedim. Gelip, aýdan sözi üçinem urdym, masgaraladym. Iliň içinde baş göterip bilmez ýaly etdim.
Ýolbars aga sesine bat berip:
– Bes et! Seniň şeýtjegiňi bilen bolsam saňa asla hiç zat aýtmazdym. Gülseräni masgara etdigiň Perhady masgara etdigiň bolýar. Sen öz doganyňyň maşgalasyny berbat edýänligiňden habaryň barmy? Perhadyň maşgalasyny tozduryp özüň nähili parahat durmuşda ýaşajak, tentek!
Bilbil Ýolbars aganyň ýüzüne seredip:
– Men Perhadyň maşgalasyny berbat etmek niýedim ýok. Şu wagtdan Gülseräniň gözüni gorkuzmasak erte mundanam erbet sözleri hem aýdar.
Ýolbars aga :
– Mundan beýläk biziň maşgalamyz bilen işiň bolmasyn. Bize günde-günaşa gelmegiňi togtat. Haçan meni Perhady görmek isleseň şonda gelip görersiň! Bolar-bolmaza gelip, biziň maşgalamyzyň dynçlygyny bozma!
Bilbil torsarylyp, gapydan çykyp gitdi.

dowamy bar…

BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby.