Ata-babalarymyzdan gelýän “Özi adam bolana biziň öýde aş bolar, özi adam bolmadyga biziň öýde daş bolar” diýlişi ýaly, Ýolbars aga özüniň ynsan mertebesini saklap bilmän, “adam” diýen beýik ada mynasyp bolmandygy sebäpli, Gülsere täze jaýa göçmäge mejbur boldy. Türkmeniň “Öz elim, öz ýakam” diýen pähim-parasatly nakyllarynyň bolşy ýaly, Gülsere täze jaýa göçeninden bäri rahat, asuda, imisala durmuşda ýaşaýardy. Perhat bolsa hemişeki ýaly, daň säherden turup işe gidişine garaňky gatlaşanda öýe ýadaw halda girip gelerdi. Täze jaýa göçenleri Perhada has hem agyr düşdi. Çünki, Perhat öň diňe bir maşgalany ekleýän bolsa, indi hem maşgalany, hem täze jaýyň tölegini tölemelidi. Öňki tapýan pulundan iki esse gazanmalydy.
Ýolbars aga uly howluly jaýda ýeke özi galypdy. Perhat maşgalasy bilen gideninden bäri öýüni ne bagt, ne-de şatlyk doldurypdy. Ýolbarsyň howlusy gyşa öwrülipdi, ýaz pasly bireýýäm bu öýi terk edipdi. Ýalňyz ýaşamak gör, nähili erbet zat. Ynsan ýalňyz ýaşamak ukybyna eýe däl. Ýalňyzlyk adamyň ömrüni gysgaltmak bilen bir hatarda, durmuşa bolan höwesini hem gaçyrýar. Şonuň üçin hem pederlerimiz: “Ýalňyzlyk Alla ýaraşýar” diýýärler.
Perhat maşgalasy bilen göçeninden bäri, Ýolbars aganyň hal-ýagdaýyndan habar alýan, onuň aş-naharyna seretýän adam galmady. Öňler Perhat pul gazanyp kakasyna getirip berýän bolsa, indi pul gazanýan adam hem ýokdy. Indi, Ýolbars aga özüniň içýän çakyryna-da pul tapanokdy. Çakyr beýlede dursun, iýmäge çörek, geýmäge eşigi galmady. Birnäçe wagt geçeninden soň, Ýolbars aga öýüne dul aýaly getirdi. Ol aýalyň adyna Maral diýerdiler. Maral öňem birnäçe aýalyndan jyda düşen erkekleri aldap, olardan köp zatlary öndürerdi. Maral Ýolbarsyň öýünde bary-ýogy iki aý ýaşady. Emma, şu iki aýyň içinde ol Ýolbarsyň öýündäki ähli goş-golamlaryny öýüne daşap gutardy. Onuň bar maksady hem şoldy. Ýolbars aga başynda hiç zady duýmady, emma ähli zatdan habary bolandan soň Maraly masgaralap, öýünden kowup çykardy. Ýolbars aga öýünde ýene-de ýeke özi we hiç zatsyz galdy. Ol köp pikirlendi, oýlandy, eden etmişine ökündi. Ýolbars Gülsereden, Perhatdan bagyşlama sorap, öýüne getirmegi ýüregine düwdi. Ýöne, ol şeýle hem etdi. Ertesi gün Ýolbars aga Perhadyň dost-ýarlaryndan oglunyň ýaşaýan menzilini sorap tapdy we Perhadyň öýüne bardy. Perhat daň-säherden turup işe gidipdi. Öýde Gülsere hojalyk işleri bilen gümrady. Merdan bolsa bu jaýdan ol jaýa ylgap, oýnap ýördi. Birden gapy kakyldy. Gülsere gapyny açdy we Ýolbars agany göreninden gorkup, howsala düşdi. Ýolbarsyň näçe jebir-jepa berendigine seretmezden, Gülsere Ýolbars aga Taňry salamyny berdi. Şol wagt Merdanjyk ylgap Ýolbars aganyň ýanyna geldi. Ýolbars aga Merdanjygy göterip: “Balamyň balasy” diýdi-de, onuň ýüzünden öpdi. Ol Merdanjygy göterip durşyna, Gülsereden öýe girmäge rugsat sorady. Gülsere: “Giriň, jaýymyzyň töri siziňki” diýdi. Ýolbars aga köwşüni çykaryp öýüň içine girdi. Gülsere derrew gaýyn atasynyň öňüne saçak ýazdy. Ýolbars aga gelniniň ýüzüne seredip:
– Gelin, azara galyp oturmaň! Geliň, oturyň. Size aýtmaly iki agyz gepim bar, diýdi. Gülsere ýazykly düşegiň üstünde oturdy. Ýolbars aga ýene sözüni dowam etdirip:
– Gelin, näme üçin gelendigimi bilensiňiz. Men sizden bagyşlama soramaga geldim. Men size, Perhada ençeme azaplary berdim. Emma, häzir hemmesine ökünýän. Gelin, meni bagyşlaň! Indi, hiç wagt Perhada, size zulum-sütem görkezmerin.
Gülsere ýere garap oturyşyna:
Aramyzda näme bolanam bolsa bolup geçdi. Menden bagyşlama sorap oturmaň. Men sizi şol wagt bagyşladym.
Ýolbars aga gamgyn oturyşyna:
Siz öýi terk edeniňizden bäri öýde ne bagt, ne-de şatlyk galdy. Merdanjyk şularyň ählisini özi bilen bile alyp gitdi. Öýümiň bar buýsanjy, guwanjy ine, şul agtygym Merdanjyk ekeni. Şonuň üçin hem pederlerimiz: “Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Sizden öýe dolanmagyňyzy haýyş edýärin diýdi.
Gülsere uludan dem alşyna:
Meniň başymda ýoldaşym bar. Bu barada Perhat bilen gepleşeýin, ol näme diýse, diýen sözi men üçin kanun diýip, jogap berdi.
Hemişeki ýaly, bu günem Perhat işden öýe ýadaw halda girip geldi. Ol agşamlyk naharyny iýeninden soň, dynjyny almaga oturdy. Gülsere Perhadyň ýanyna baryp, bu günki bolan ähli zatlary bolşy ýaly gürrüň berdi. Perhat geňirgenip oturyşyna:
– Bä, kakam nädip eden etmişine ökündikä? Biziň öýi terk edenimiz erbet täsir edipdir-ow diýip, ýylgyrymjyrady. Ol ýene-de sözüni dowam etdirip:
– Gülsere, men öňem şu meselede köp pikirlendim. Kakam nädip ýaşaýarka, näme iýýärkä, näme geýýärkä? diýen sorag meni köp oýlandyrýardy. Ýöne, saňa aýtmaga çekinýärdim. Näme jebir-jepa berenem bolsa, ol meniň kakam. Şonuň üçin hem, biziň halkymyz: “Ejäni käbä, kakany kybla” ýöne ýere deňemändirler. Eger, biz öýe dolanyp barsak, sen garşylyk görkezmersiňmi?
Gülsere diňläp oturyşyna, Perhadyň gepini makullap:
Sen näme diýseň, şol bolar, ezizim. Ýok, garşylyk görkezmerin diýip, jogap berdi. Mahlasy, Perhat bilen Gülsere ertir öz öýlerine göçmegi makul bildiler. Şol günden başlap, Ýolbars aganyň öýüni bagt we şatlyk doldurdy. Gyşa öwrülen howlysyna bu gün ýaz özüniň ýyly mährini paýlap, giň gursagy bilen bu ojagy gurşap aldy. Aradan birnäçe wagt geçensoň, Perhadyň maşgalasynda täze çaga sesi ýaňlandy. Ýaňy dünýä gelen gyz bäbejige Perhat ejesiniň adyny dakdy. Sapargüliň dünýä gelmegi bu maşgalanyň göwün guşuny ganatlandyryp, begenjine ýene-de begenç goşdy.
dowamy bar…
BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby.
