BIZE YAZYARLAR

Ýazgyt

   ***
Ýolbars aga bu gün hem içgilidi. Ol bu gün öňkisinden hem köp içipdi, aýak üstünde durup bilmeýärdi. Ýolbars aganyň howlusynyň orta arasynda uly ýük maşyny bardy. Öňler Ýolbars aga şu ýük maşyny sürýärdi, emma içgilige berlenden bäri , maşyn tozan basyp howlynyň orta arasynda ýatyrdy. Gülsere hem howlyny süpürip, arassalap, hojalyk işleri bilen meşgullanyp ýördi. Merdanjyk bolsa Gülseräniň beren oýnawaçlaryny oýnap, şonuň bilen gümrady. Şol arada Ýolbars aga maşyna münüp, ony gyra alyp goýmak üçin maşyny sürdi. Gülsere howlyny süpürip ýöreýşine, aňyrdan Merdanyň aglaýan sesi eşidildi. Ol daş-töweregine seredenem şoldy welin, Merdanjyk agyr ýük maşynyň tigriniň aşagynda ýatyrdy. Emma Ýolbars aga mundan bihabardy, çünki özi mes haldady. Allatagallanyň merhemeti bilen, entägem Merdanyň üstki dony maşynyň tigriniň aşagynda galypdy, ýene-de azrak maşyny süren bolsa, belki Merdan hem edil Sapargül ýaly bu dünýä bilen hoşlaşmaly bolardy. Muny gören Gülsere “Waah, balam!”, “Duruz maşyny!“ diýip, elindäki sübsäni zyňyp goýberişine, ýük maşyna tarap ylgady. Eýýäm çaga maşynyň aşagynda iki bükülüp, aglap ýatyrdy. Goh-galmagaly eşiden Ýolbars aga maşyny duruzdy. Maşyndan düşüp seredenem şoldy welin, Merdanyň ýagdaýyny görüp, huşuny ýitirdi, içgilikden nädip açylanyny duýman galdy. Oňa çenli Gülsere ylgap gelip, maşynyň aşagyndan Merdany çekdi, emma ýük maşynyň tigri çaganyň donuny basandygy sebäpli, çykarmak Gülserä başartmady. Ýolbars aga derrew maşyny öňe süreninden soň, Gülsere Merdany daşyna çykardy. Daş-töweregindäki goňşular Gülseräniň sesini eşiden bolara çemeli, olar hem gelip, howlynyň orta arasyna üýşdiler. Gülseräniň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Iki ýyl diýende diläp alan çagasyndan aýrylmagyna az galypdy. Mähelle Gülseräniň daş-töweregine geçip, ony derrew köşeşdirdiler. Türkmeniň öňden gelýän däbini eýerip, Merdana suw içirdiler. Goňşularynyň biri özüniň saklaýan itiniň tüýüni getirip, çaganyň başyndan üç gezek aýlap, tüýi tütetdi. Galmagalyň bady ýatyşandan soň, jemende öýli-öýlerine dargadylar.

dowamy bar…..

BARATOWA Zyýada,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby